Türkmen dzýudoçylary Warsaw European Open 2024 ýaryşynda altyn we kümüş medal gazandylar

  • 27.02.2024 08:56
  • 9k+

Türkmen dzýudoçylary Maýsa Pardaýewa we Serdar Rahymow 24-25-nji fewralda Warşawada geçirilen “Warsaw European Open 2024” ýaryşynda, degişlilikde, altyn we kümüş medal gazandylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Maýsa Pardaýewa arassa bäş ýeňiş gazanyp, 57 kg çenli agram derejesinde çempion boldy. Ol finalda ispaniýaly Marta Garsiýa Martinden üstün çykdy.
Serdar Rahymow 66 kg çenli agram derejesinde kümüş medala eýe boldy. Ol arassa dört ýeňiş gazandy, ýöne finalda ukrainaly Nikita Goloborodkodan ýeňildi.
Türkmen dzýudoçylarynyň ikisi-de Lebabyň göreş mekdebiniň uçurymlarydyr.
Maýsa Pardaýewa Köpetdag etrabynda Jora Matnazarowyň, Serdar Rahymow Hojambazda Baýram Şerapowyň tälimçiliginde dzýudo bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda olar ýaponiýaly hünärmen Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda türgenleşik geçýärler.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

21.04.2026 18:34
2.7k+

Ýewropada subsidiýa syýasaty tankyt edildi: awtoulagyň howpsuzlygy goldawyny ýitirýär

Ýewropanyň elektrik ulaglaryny goldaýan syýasaty ulagyň howpsuzlygyny bahalandyrýan gurama bolan Euro NCAP tarapyndan tankyt edildi. Onuň ýolbaşçysy Mihel wan Ratingen hökümetleriň elektrik ulaglaryna......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....