Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň statistika görkezijileri aýdyldy

  • 12.07.2024 21:22
  • 5.9k+

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda 40230,1  million kub metr tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy.
Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy.
Oba hojalygynda öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler, 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim we diri agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim artdy.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......