Raşid Meredow Astanada Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 09.07.2024 12:02
  • 7.1k+

Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda gazagystanly kärdeşi Murat Nurtleu bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljegini, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejedäki halkara çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Gazagystandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Astana şäherinde gönükli türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy bilen gutlady.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......