Türkiýäniň wise-prezidenti: Türkmenistanyň gazy Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny berkider

  • 08.07.2024 22:47
  • 11k+

Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä we Ýewropa iberilmegi Türkiýäniň hem-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygy babatda uly goşant bolar. Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda eden çykyşynda belledi.

Türkiýäniň wise-prezidenti öz çykyşynda guramanyň çägindäki energetika hyzmatdaşlygy barada durup geçip, energetika mehanizmleriniň döredilmeginiň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Jewdet Ýylmaz Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde energetika mehanizmleriniň döredilmeginden hoşaldyklaryny belläp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdy.
Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa tygşytlylygy, energiýa bazarynyň utgaşdyrylmagy ýaly ugurlarda gurama agza döwletler bilen tejribeleriň paýlaşylmagyna taýýardyklaryny belläp geçdi.​​​​​​​


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......