Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň saýlanan Prezidentini gutladylar

  • 07.07.2024 02:59
  • 32k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiana Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzap gidýän mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, strategik häsiýete eýe bolan bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
5-nji iýulda Eýranda prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirildi.


şu gün 07:51
714

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......