Eýranda prezident saýlawlarynyň netijeleri belli boldy

  • 06.07.2024 10:12
  • 20k+

Eýranda geçirilen prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyrynyň netijeleri boýunça Masud Pezeşkiýan ýeňiş gazandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň saýlaw toparynyň resmi wekili Mohsen Eslami habar berdi.

Eslaminiň IRIB teleýaýlymynda habar bermegine görä, 30.530 million býulleten sanalandan soňra Masud Pezeşkiýan 16,383 mln ses alyp (umumy sanyň 53,5%-i) , Eýranyň häzirki zaman taryhyndaky 9-njy Prezidenti wezipesine saýlandy.
Eýranyň Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary geňeşiniň wekili Said Jalili gazanan sesleriniň sany 44.3 %-e deň boldy.

5-nji iýulda Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçirildi. Ýurtda prezident saýlawlary ozalky Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň biwagt aradan çykmagy bilen geçirildi.
Eýranyň prezident saýlawlarynda Türkmenistanda ýaşaýan Eýranyň raýatlary hem ses berip bildi.


21.04.2026 22:16
5.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...