Eýranyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary Aşgabatda we Maryda prezident saýlawlarynda ses berip biler

  • 04.07.2024 15:30
  • 18k+

Ertir - 5-nji iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry geçiriler. Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa-da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini berip bilerler diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Bu iki saýlaw uçastogynda ses berilşik Aşgabat wagty bilen irden sagat 08:00 başlap, sagat 18:00 çenli dowam eder.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň 1-nji tapgyry geçen hepde geçdi we Masud Pezeşkian hem-de Said Jalili saýlawyň ikinji tapgyryna geçdiler.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......