Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

  • 29.06.2024 11:53
  • 19k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, durmuş maksatly binalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň, saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary we enjamlaşdyrylyşy babatda maglumat berýän taslamalardyr çyzgylar bilen tanyşdy.
Wise-premýer N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.
Bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.
Tanyşlygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Liderine dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bolan Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de belent abraýa eýe bolýandygyny nygtady. Gazna döredilen döwründen bäri näsag çagalaryň 400-den gowragynyň saglygynyň dikeldilmegine ýardam etdi, daşary ýurtlaryň betbagtçylyk zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýüklerini ugratdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly halyny sowgat gowşurdy. Nepis halynyň merkezinde gaznanyň nyşany ýerleşdirildi. Onuň reňkleriniň sazlaşygy, göze gelüwli ak seçekleri nurana arzuwlaryň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ynsanperwerligiň alamatyny özünde jemleýär.
Lukman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, paýtagtymyzyň çäginde bina edilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň gurluşyk we enjamlaşdyrylyş işlerine, bu düzümleriň guramaçylyk ýagdaýyna maslahatçy hökmünde tejribeli ýaşuly lukmanlaryň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we olaryň täze gurulýan saglyk merkezlerinde işleriň ýola goýluşyna, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna maslahatçy hökmünde gatnaşmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.


düýn 20:15
914

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......