Türkmenistan COP-29 halkara maslahatyna ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlar

  • 28.06.2024 23:45
  • 3.7k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howanyň üýtgemegi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty ýokarda agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 11-22 noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde COP-29 Maslahaty geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

  • COP-29 halkara maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan başlap, ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlamak hem-de Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara Komissiýasynyň çäginde döredilen Iş toparynyň nobatdaky mejlisini 22-nji iýulda geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça  Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanylýar.
  • Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça bilime we ýaşlara howanyň üýtgemegi babatyndaky meselelerde terbiýe bermek meselelerine uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda howanyň üýtgemegi boýunça Bakuda geçiriljek Ýaşlaryň 19-njy maslahatynyň (COÝ-19) öňüsyrasynda sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatlaryny guramak teklip edilýär.
  • Şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlygynda bu guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (WHO), Bütindünýä azyk maksatnamasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahatyny guramak baradaky teklip beýan edildi.

Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......