Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy

  • 28.06.2024 23:34
  • 4.2k+

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow  anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

“Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanan bu resminama ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň maliýe, maddy we işgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmaga hem-de ylmy we tehnikany ösdürmäge we beýleki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylym ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ylym ulgamyny dolandyrmak we maliýeleşdirmek işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem hukuk esaslaryny düzgünleşdirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....