Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 27.06.2024 23:13
  • 7.4k+

Şu gün, 27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategiki meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we bu kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler döreýär.
Bellenilişi ýaly,  ýurdumyzda taslamalar amala aşyrylanda, öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagy, ýokary hil ölçeglerine, şeýle hem ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi   möhüm şert bolup durýar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bu ugurdaky anyk teklipleriňize seretmäge taýýardyrys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Öz nobatynda, işewürler wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasda hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini  hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini we iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary hödürlemäge taýýardygyny bellediler.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......