Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

  • 27.06.2024 07:23
  • 8.3k+

26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe biziň ýurdumyzyň ähmiýetli söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmen ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň alyp barýan netijeli işleri muňa mysaldyr. Şoňa görä, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de myhman bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdiler. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy. Şunda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, serkerdeleriň we esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Türkiýe goranmak senagaty babatda dünýäde öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda harby ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri türk tarapynyň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......