Türkmenistanda eýýäm 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryldy

  • 25.06.2024 15:59
  • 13k+

Türkmen daýhanlary häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda geçiren iş maslahatynda habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belledi.
Maslahatyň başrynda türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigini, pudaga ylmyň, tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.
Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory M.Annanepesow ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň pudagyň toplumlaýyn ösdürilmegini, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini aýtdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň direktory M.Meredow häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly gowaçanyň inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen duşuşyklaryň geçirilýändigi, olaryň başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň öwrenilýändigi barada aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......