Awstraliýada Ýer togalagynyň "dünýä inen" pursadynda emele gelen ýer gabygynyň galyndylary tapyldy

  • 24.06.2024 13:13
  • 9.7k+

Ýeriň, takmynan, 4,5 milliard ýyl mundan ozal emele gelip başlandygy çak edilýär. Planetanyň ösüşiniň ilkinji döwürlerinde munuň nähili bolup geçendigi barada has giňişleýin maglumat almak üçin gadymy dag jynslarynyň nusgalary gerek. Awstraliýaly alymlar şonuň ýaly dag jynslarynyň birini ýurduň günbatar kenarýakasyndaky Kolli şäheriniň golaýyndan tapdylar diýip, Communications Earth & Environment žurnalynda habar berilýär.

Täze tapyndynyň ýaşy, takmynan, 3,5 milliard ýyl. Bu açyş dag jynsynyň  nusgalarynda mineral sirkonyň dänelerini seljermek arkaly mümkin boldy. Titanitiň içinde saklanyp galan sirkon, emele gelen wagty baradaky maglumatlary saklaýar.
Alymlar ozal hem Awstraliýada gadymy dag jynslaryny tapypdylar, ýöne täze barlag olaryň meýdanynyň ozal pikir edilişinden has uludygyny görkezýär. Mundan başga-da, Suon derýasyndan dag jynslarynyň ýaşyny we gelip çykyşyny tassyklaýan şuňa meňzeş gadymy sirkon däneleri tapyldy.
Bu açyş Ýeriň emele geliş tebigatyna düşünmäge kömek eder. Şeýle hem, ol gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň täze ýataklaryny gözlemekde peýdaly bolup biler. Metallar, köplenç, ýer gabygynyň dürli bloklarynyň araçäklerinde ýerleşýär, şonuň üçin dag jynslarynyň gatlaklaryny has jikme-jik öwrenmek gazyp almaklygyň netijeliligini ýokarlandyrar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....