Eýranyň raýatlary üçin Aşgabatda we Maryda saýlaw uçastoklary hereket eder

  • 17.06.2024 17:49
  • 14k+

Türkmenistanda ýaşaýan Eýranyň raýatlary 28-nji iýunda geçiriljek nobatdan daşary prezident saýlawlarynda ses berip bilerler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynda aýdylýar.

Saýlaw uçastoklary Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we Mary şäherindäki Baş konsullygynyň binasynda açylar. Saýlaw uçastoklarynyň anyk iş wagty biraz soňra mälim ediler.
Ses bermek üçin Eýranyň raýatlaryna ýany bilen Eýranyň hereket edýän raýatlyk pasportyny alyp gelmek zerur.
Eýranyň 8-nji prezidenti Ebrahim Raisiniň awiaheläkçiliginde ýogalandan soň, ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlary yglan edildi. Şu gezekki saýlawlara alty dalaşgär tassyklanyldy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......