Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda kärendeçileriň iş şertleri bilen gyzyklandy

  • 16.06.2024 09:09
  • 17k+

15-nji iýunda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçileri ekiz doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi doganlar Annagulyýewler ýaşlar üçin döredilip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlaryň tutanýerli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar. Şeýle hem olar 2020-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandyklaryny aýtdylar. Annaguly şu ýyl 64 gektar meýdandan 256 tonna bugdaý hasylyna garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 15 gektar gowaça, 5,7 gektar ýeralma we 4 gektar gök-bakja ekinlerini ekendigini, Aşyrguly hem 15 gektar gowaça, 4,3 gektar ýeralma we 4 gektar gök-bakja ekin ekendigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylandygyny we indi daýhanlaryň girdejileriniň has hem köp boljakdygyny aýdyp, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, obada durmuş ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow ýerden bol hasyl öndürýän kärendeçilere özüniň sowgatlaryny gowşurdy.
Soňra bu ýerde döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň häkimine welaýatyň ýaşaýjylary üçin döwrebap awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......