Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 16.06.2024 08:58
  • 6.6k+

15-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Irden Serdar Berdimuhamedow dikuçary bilen Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi garşylady.
Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanyny “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçileri ekiz doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler mübäreklediler. Serdar Berdimuhamedow kärendeçileriň hal-ýagdaýlaryny sorap, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.  
Olar öz gezeginde döwlet Baştutanynyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan saparynyň welaýatyň ýaşaýjylary üçin uly buýsançdygyny bellediler hem-de 14-nji iýunda Balkan welaýatynda bugdaý oragyna başlanandygyny aýtdylar. Kärendeçiler ýetişen bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanyndan uly hormat bilen haýyş etdiler.
Serdar Berdimuhamedow kärendeçileriň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. 
Şol pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly tehnikalar bereketli hasylyň oragyna girişdiler. 
Döwlet Baştutany “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda däne kombaýnlarynyň galla oragyny geçirişini synlady.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......