Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Horezmşalar döwrüne degişli gadymy teňňeleri tapdylar

  • 15.06.2024 16:22
  • 15k+

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapdylar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugrunda tapylan tapyndylary muzeýleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Wise-premýer häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylaryň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi. Dabaranyň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, olary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......