Türkmenistanda ylmy maksatnamalary döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibiniň taslamasy taýýarlandy

  • 15.06.2024 15:47
  • 3.7k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletimiziň kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň ösüşiniň yzygiderli gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýokarda agzalan resminama taýýarlanyldy. Taslamada bu ulgamda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....