Türkmen talyby ýyladyşhanalar üçin emeli aň bilen enjamlaşdyrylan robot ýasady

  • 14.06.2024 11:00
  • 14k+

Aşgabatda Türkmenistanda Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy taslamalaryň sergisinde S.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Kerim Meredow ýyladyşhanalardaky işi awtomatlaşdyrmak üçin döredilen roboty hödürledi. Bu barada CentralAsia.news ýazdy.

Meredow tarapyndan işlenip düzülen robot pomidor ýygnamak üçin miwä ýetiriljek zyýany azaldýan wakuum sorujyny ulanýar. Şeýle hem robot pomidorlary tanamak üçin takyk we netijeli hasyl ýygnamagy üpjün edýän wizual maglumatlara esaslanýan emeli aň bilen enjamlaşdyrylandyr.
Robotyň ösümlikleri suwarmak, zyýankeşlere garşy himiki serişdeleri sepmek we gije-gündiziň dowamynda işlemek funksiýalary bardyr, bularyň esasynda ýyladyşhanalaryň öndürijiligi ýokarlanar we zähmet çykdajylary azalar.

"Şeýle hem robot öz-özüni anyklaýyş we ownuk näsazlyklary özbaşdak kesgitlemäge we çözmäge mümkinçilik berýän awtomatiki düzediş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr"-diýip, Meredow belläp geçdi.

Talyp taslamanyň pikiriniň oba hojalyk ulaglary kafedrasynyň uly mugallymy Esenmyrat Şagulyýew tarapyndan berlendigini aýtdy.

Talyp: "Bu pikiri hakykata öwürmek üçin bir ýarym ýyl gerek boldy" -diýdi.

Kerim Meredow we kursdaşy Ýaran Hudaýberdiew Moskwada geçirilen “Suw bäsleşigi 2024”-üň Gran Prisiniň ýeňijileridir. Talyplar “Howanyň üýtgeýän şertlerinde Amyderýanyň basseýniniň dinamikasynyň geosfera seljermesi we çaklaýyş modelleri” taslamasy bilen bellendiler.


düýn 16:30
3.7k+

Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler...

03.12.2025 14:55
25k+

Aşgabatda täze «Toyota» merkezi gurulýar

Aşgabatda «Toyota» awtoulaglaryny satyş we satuwdan soň hyzmat etmek boýunça döwrebap Merkeziň gurluşygyna girişildi. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge niýetlenen bu toplumy 2027-nji ýylyň dekabr aýynda açmak meýilleşdirilýär...

25.09.2025 19:09
2.4k+

Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder

Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar...

18.09.2025 10:28
2.5k+

Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär

Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar...