TikTok-a eýelik edýän kompaniýa 14 milliard parametrli we rekord tizlikli BitDance surat döredijisini tanyşdyrdy

  • şu gün 09:18
  • 1.1k+

TikTok sosial ulgamynyň eýesi ByteDance suratlary döretmek üçin niýetlenen täze BitDance modelini hödürledi. 14 milliard parametrli bu model ähli ulanyjylar üçin açyk formatda ýaýradyldy.

BitDance öndürijilik we ýokary hilli surat döretmek boýunça birnäçe meşhur bäsdeşlerinden, şol sanda Z-Image-Turbo, Z-Image, Seedream 3.0, GPT Image we Flux ýaly modellerden öňe geçmegi başardy. Ol häzirki wagtda emeli aň dünýäsiniň iň güýçli nusgalarynyň biri bolan Qwen-Image derejesine ýakyndyr.
Modelde ulanylýan arhitektura düýpli kämilleşdirildi. Sözlük gory 2^256 token derejesine çenli giňeldildi. Gysyş koeffisienti bolsa 16x-den 32x-e çenli ýetýär. Bu bolsa suratlaryň hili we detallary (rekonstruksiýa) boýunça uly ösüş diýmekdir.
Next-Patch Diffusion atly täze tehnologiýa arkaly model bir ädimde diňe bir däl, eýsem 64 tokeni bir wagtda çaklap bilýär.
Rekord tizlik: 37 esse çalt
BitDance-yň iň haýran galdyryjy tarapy onuň iş tizligidir - model bir sekuntda 256×256 ölçegdäki 90-dan gowrak suraty utgaşdyrmaga ukyplydyr.
Bu görkeziji boýunça ol iň gowy awtoregressiw modellerden 37,7 esse çalt işleýär.
BitDance häzirki wagtda iki görnüşde hödürlenýär: BitDance-14B-64x (Parallel generasiýa üçin iň ýokary tizlikli nusgasy) we BitDance-14B-16x.
Modeliň kodlary we agramlary eýýäm GitHub we Hugging Face platformalaryna ýüklendi.


13.02.2026 15:12
2.9k+

Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar

GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy...

17.12.2025 16:30
7.3k+

Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler...

25.09.2025 19:09
2.4k+

Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder

Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar...

18.09.2025 10:28
2.5k+

Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär

Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar...