Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

  • 17.12.2025 16:30
  • 7.3k+

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler.

Şäheriň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň maglumatyna görä, bu enjamlar inspektorlara gündelik işlerinde ulanmak üçin berildi. Äýnekler 12 megapikselli giň burçly kamera, suraty durnuklaşdyryjy algoritm we takyklyk derejesi 99%-den ýokary bolan awtonom döwlet belgisini tanamak ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgamyň jogap beriş wagty bir sekuntdan hem azdyr. Äýnekleriň batareýasy bolsa sekiz sagatlap yzygiderli işlemäge mümkinçilik berýär.
Awtoulagyň belgisini tanan badyna, emeli aň polisiýanyň maglumatlar bazasyna şolbada girip, inspektoryň göz öňünde ulagyň hasaba alnyşy, tehniki gözegçiligi, jerimeleri we beýleki maglumatlary görkezýär.
Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bir ulagy barlamak üçin gerek bolan wagty 30 sekuntdan 1-2 sekunda çenli gysgaltdy, bu bolsa ýol hereketiniň netijeliligini 80% ýokarlandyrdy. Emeli aňly äýnekler polisiýa işgärleriniň iş ýüküni azaldýar, işiň takyklygyny ýokarlandyrýar we sürüjiler bilen ýüze çykyp biljek dawa-jenjelleriň öňüni almaga kömek edýär.


01.06.2026 10:57
3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......