Tesla-nyň paýdarlary Ilon Maska 56 milliard dollar tölemek üçin ses berdiler

  • 14.06.2024 06:58
  • 7.8k+

Tesla-nyň paýdarlary Ilon Maskyň 56 milliard dollar zähmet hakynyň paketini tassyklamak we elektrik awtoulag öndürijisiniň ýuridiki salgysyny Tehas şäherine geçirmek üçin ses berdiler. Bu barada kompaniýanyň baş direktorynyň sosial ulgamlarda çap eden habaryna salgylanýan Reuters habarlar gullugy ýazýar.

"Goldawyňyz üçin sag boluň!" – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

Ses berişligiň netijelerine görä, paýdarlaryň aglaba köplügi ABŞ-nyň korporatiw taryhynda iň uly zähmet hakyny tölemegiň şertlerini makullady. Bu makullama maýa goýujylaryň Maskyň kompaniýadaky geljegi baradaky aladalaryny aradan aýryp biler we elektrik ulag öndürijisini töleg paketini ýatyran kazyýetiň kararyny ýatyrmak ugrundaky göreşinde güýçlendirer.
Şeýle hem, Tesla-nyň paýdarlary iki geňeş agzasynyň - Ilon Maskyň dogany Kimbal Maskyň we Jeýms Merdokyň gaýtadan saýlanmagyny goldadylar.
Ses berişlik başlamazdan ozal ynanylan iri firmalar bolan Glass Lewis we Institutional Shareholder Services (ISS) paýdarlary töleg bukjasyny ret etmäge çagyrdylar, şol sanda Norwegiýanyň özygtyýarly baýlyk gaznasy ýaly, esasy maýadarlar garşy ses berjekdiklerini aýtdylar.
Şeýle-de bolsa, ses bermegiň netijesi gutarnykly bolup bilmez. Berkli ştatynyň Kaliforniýa uniwersitetiniň hukuk ugrundan professory Adam Badawi Delawer kazyýetiniň ses berişligi ykrar etmän hem biljekdigini belleýär.
Paýdarlaryň ýyllyk ýygnaga çenli öz kararlaryny üýtgedip biljekdigi bellendi.
Ozal Tesla-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy Robin Denholmyň paýdarlara Ilon Maska garaşýan zähmet haky mukdary tölenmese, onuň kompaniýany terk edip biljekdigini duýdurandygyny ýatladýarys.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....