Kazyýet Masky Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy hökmünde 56 mlrd dollar almakdan mahrum etdi

  • 01.02.2024 14:35
  • 19k+

Delawer amerikan ştatynyň kazyýeti Ilon Maskyň Tesla-nyň baş müdiri hökmünde öz işi üçin 55,8 mlrd dollar möçberde kompensasiýa almak hukugyny ýatyrdy. Şonuň netijesinde kompaniýanyň paýnamalary söwda ýapylandan soň 3% pese gaçdy. Bu barada BBC salgylanyp, “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berýär.

Şikaýat arzasy Tesla-nyň paýdarlarynyň biri Riçard Tornetta tarapyndan berildi. Onuň pikiriçe, Maska artyk tölenilýär. Kazyýet kompensasiýany “akyla sygmajak mukdar” diýip atlandyrdy we bu paýdarlar üçin hem adalatsyz hasaplanýar.
Bu töleg bukjasy kompaniýanyň taryhynda iň uly mukdar bolup, ol telekeçini dünýädäki iň baý adamlaryň birine öwürmäge kömek etdi. Paýlar görnüşindäki degişli kompensasiýa bukjasy oňa 2018-nji ýylda bellenildi.
Ylalaşyga görä, eger kompaniýanyň maliýe görkezijileri bellenilen maksada ýeten bolsa, Mask 12 tranşda Tesla paýnamalaryny alyp bilýärdi. Bazarda paýnamalaryň häzirki bahalar bilen satylmagy bolsa Maska uly mukdarda pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Kazyýet muny adalatsyz hasaplaýar. Şikaýatçynyň pikirine görä, müdirler geňeşi şeýle möçberde kompensasiýa bellemek bilen, Maska eglişik etdi.
Bu wakalardan soň, Mask X sosial ulgamynda: “Hiç haçan Delawer ştatynda öz kompaniýaňyzy hasaba aldyrmaň” diýip ýazdy.


düýn 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

30.04.2026 07:20
2.1k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....