Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 15.05.2024 07:35
  • 12k+

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine öz doglan gününe gymmatly sowgady — dört dilde — türkmen, iňlis, nemes we rus dillerinde goşgulary çap edilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi ýerleşdirilen kitaby sowgat berendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy giriş sözünde bilelikde amala aşyrylan ähli taslamalara ýokary baha berýär.
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, öňde uly wezipeler, şol sanda geljek ýyl Aşgabatda Awstriýa öýüni açmak baradaky başlangyjy durmuşa geçirmek bilen bagly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli möhüm işler durýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geljek, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin Awstriýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......