Antarktidanyň buzundaky 50 ýaşly äpet deşigiň syry anyklandy

  • 07.05.2024 05:53
  • 26k+

2016-2017-nji ýylyň gyşynda Antarktidanyň kenaryndaky Weddell deňzinde alymlar Mod Raýz atly ullakan deşik tapdylar. Gözlegçiler ony içgin öwrenýärkäler  Çehiýanyň ululygyndaky bu deşigiň ilkinji gezek 1974-nji ýylda düşürilen hemra suratlarynda gabat gelýändigini anykladylar. Şondan soň bu doňmaýan deşik  wagtal-wagtal ýüze çykyp, soň ýitip gidýärdi, netijede, özüniň emele gelşiniň sebäpleri bilen bagly birgiden sowal döredýärdi.

Space.com-yň habar bermegine görä, Angliýanyň Sautgempton uniwersitetiniň gözlegçiler topary Mod Raýz-yň syryny çözmek üçin emeli hemranyň düşüren suratlaryny, meteorologiýa gurallarynyň maglumatlaryny we kompýuter modelirlemelerini öwrendi.
Görlüp oturylsa bu deşigiň döremegine birnäçe faktor täsir edýän eken:
Weddell deňzinde akymyň güýçlenmegi: 2016-njy we 2017-nji ýyllarda doňmaýan deşik has göze ilýän mahaly deňizdäki akym adatdakysyndan has güýçli eken. Bu buzy eredýän duzly suwuň (apwelling) ýokary galmagyna sebäp bolupdyr.
Suwasty Mod Raýz dagy: Doňmaýan deşigiň golaýynda suwasty Mod Raýz dagy ýerleşýär. Onuň daş-töweregindäki akymlar towlanyp akýar we çuňlukdan goşmaça duzly suwy çykarýar.
Ekmanyň geçirmesi: Ýel suwuň üstki gatlagyny herekete getirýär we göni ugrundan sowýar. Bu az duzly suwy gysyp-süýşürip, doňmaýan deşigiň saklanyp galmagyna kömek edýän Ekmanyň spiraly diýlip atlandyrylýan hadysanyň emele gelmegine getirýär.
Alymlaryň sözlerine görä, şeýle uly doňmaýan bölekler ýitirim bolandan soňam birnäçe ýyllap töweregindäki buzlaryň emele gelmegine täsir edip biler.
Mod Raýz-yň öwrenilmegi alymlara Antarktidada bolup geçýän wakalara we onuň Ýeriň howasyna ýetirýän täsirine has gowy düşünmäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....