Parižde Türkmenistanyň halkara göçme maýa goýum forumy öz işine başlady

  • 24.04.2024 11:26
  • 4.5k+

Şu gün Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Şeýle hem döwlet Baştutany forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

"Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we netijeli işleri amala aşyrýar. Pariž şäherinde geçirilýän halkara forum hem bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam eder.
Öndürilýän önümleriň hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak, önümçilige ylmyň iň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

Bu halkara göçme forumyň dowamynda oňa gatnaşýan hünärmenler uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň meseleleri bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek barada pikir alşarlar, degişli ugurlar boýunça tekliplerini hödürlärler.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......