Serdar Berdimuhamedow häkimlere howanyň gyzmagy bilen baglylykda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy

  • 22.04.2024 22:53
  • 27k+

22-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly iş maslahatyny geçirdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahatyna obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişi dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa, hatarara bejergi işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlerini ekmek hem-de bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gowaça ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa, şeýle hem ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......