Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy

  • 13.03.2024 13:39
  • 23k+

13-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. 

“Lebap” sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.
Iri önümçilik kärhanasy täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine hem gönüden-göni täsirini ýetirdi.
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär.
“Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. 
Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy.
Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. 
Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň bir hökmünde çykyş edýär. 
Hasaplamalara görä, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar. 
Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmak wezipelerini hasaba almak bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy we ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. 
Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer. 
Önümçilik işine, öndürilýän önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Mundan başga-da, bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket eder. 


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.3k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......