Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama gol çekdiler

  • 12.03.2024 14:02
  • 3.6k+

11-nji martda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Awstriýa saparynyň barşynda Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamyndaky özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, medeni alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitara we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijesinde 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Wena şäherine saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Awstriýanyň Daşary işler boýunça Baş sekretary N.Marşik bilen hem duşuşyk geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky taraplaryň tagallalaryny goldadylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......