Owganystanyň wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

  • 04.03.2024 19:14
  • 18k+

3-nji martda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdy.

"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyş boldular.
Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin “gümrük düzgüni” tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. “Gümrük düzgünine” laýyklykda ammarda üstaşyr ýükler 3 ýyla çenli gümrük paçlardan boşadylyp üçünji taraplara eksport edilmegi üçin döredilen mümkinçilik barada içgin durlup geçildi.
Tanyşdyrylyşyň dowamynda wekiliýetiniň ýolbaşçysy terminalyň sowadyjy konteýner ammary bilen içgin gyzyklandy. Munda esasan Owganystanyň eksport maksatly gök önümlerini we gury ir-iýmişlerini  terminalyň ammarynda sowadyjy konteýnerde saklamak mümkinçiligi bilen gyzyklandy. Şunuň bilen, sowadyjy konteýnerleri saklanýan ammar meýdançalary görkezildi.
Wekiliýet ýolbaşçysy Owganystan üçin ýük daşamalarynda 2 sany ileri tutulýan ugruň barlygyny belledi. Munuň biri Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesi, beýlekisi bolsa Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa Federasiýasy ugry bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle-de, saparyň dowamynda myhmanlara “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we bu ýerde abatlaýyşda duran gämilerde alnyp barylýan işler görkezildi.
Porta saparyň ahyrynda wekiliýetiň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanda deňiz ulag infrastrukturasy üçin  edilen işlere ýokary baha berildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......