Türkmenistanda maşgalalaryň arasynda sport bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary geçirildi

  • 04.03.2024 11:35
  • 11k+

Türkmenistanda “Sagdyn maşgala - sagdyn nesil” atly sport bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary geçirildi.

Türkmenistan Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, bäsleşik ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we bedenterbiýäni wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmany goldamak we höweslendirmek, sagdyn nesliň döremegine goşant goşmak maksady bilen geçirilýär.
Ýaryşlar Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň guramagynda maşgalalaryň arasynda geçirildi.

Ahal welaýat tapgyryna 8 maşgala, Balkan welaýat tapgyryna 4 maşgala, Mary welaýat tapgyryna bolsa 10 maşgala gatnaşdy.
Ýaryşyň dowamynda maşgalalar tanap çekişmek, dürli estafeta we beýleki ýaryşlar boýunça özara güýç synanyşdylar.
Toparlaryň atlary şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygaryna laýyklykda saýlanyldy. Balkan welaýat tapgyrynda “Pähim” atly topar, 
Mary welaýat tapgyrynda bolsa “Bagtyýar” atly maşgala topary ýeňiş gazandy.
Ýeňijileriň we gatnaşyjylaryň ählisine degişli häkimlikleriň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Bu çäräniň çäklerinde beýleki welaýatlar hem öz tapgyrlaryny geçirerler, jemleýji tapgyry bolsa 6-njy martda Aşgabat şäherinde geçiriler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....