Türkmenistan howa meselelerini çözmek üçin ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezlerini döretmegi teklip edýär

  • 02.03.2024 15:40
  • 17k+

3-nji Antalýa diplomatik forumynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri howa gün tertibi barada belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow howa ölçeginiň arassa tebigy ýagdaýlaryň çäginden daşyna çykýandygyny we döwletleriň ösüşine, halklaryň abadançylygyna, azyk howpsuzlygyna, suwa we arassa howa, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, tutuş sebitleriň we kontinentleriň dünýäni duýşuna täsir edýändigini nygtady.
Şeýle hem, olaryň arzan çig malyň we işçi güýjüniň çeşmesi hökmünde ýa-da deňhukukly we ähmiýetli hyzmatdaş, ylmy-tehniki ösüşlere gatnaşyjy, häzirki dünýäniň ýagşylyklaryny we miwelerini adalatly paýlaýjy hökmünde öz borjuna düşünmegine uly täsiri bar.

"Şunuň bilen birlikde, howa gün tertibi häzirki döwürde ählumumy howpsuzlygyň we bilelikde parahat ýaşamagyň aýgytlaýjy nyşany hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm böleginiň bir binýady hökmünde howa soragyna ulgamlaýyn seretmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şol sanda, ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen merkezlerini döretmek arkaly bu soraglaryň çözülmegi möhümdir. 
Biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa ölçegleri bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň tehnologiýa boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi barada indi birnäçe ýyl bäri çykyş edýändigini aýtmak isleýärin. Bu başlangyjymyzyň bütindünýä guramasynda, halkara hyzmatdaşlarymyzda goldaw tapjakdygyna ynam bildirýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......