Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatik forumynda durnukly ösüşiň nusgasyny hödürledi

  • 02.03.2024 15:33
  • 9k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň düýpli nusgasyny hödürledi.

Türkmenistan ony şu esaslary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip kesgitleýär: 

  • döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlaryň derejesini deňleşdirmeli;
  • ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde we beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly; ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, bilimini we aň-düşünjesini artdyrmaly;
  • adamlara, aýratyn-da, ýaşlara ykdysady işjeňlige we durmuşa höwesli bolmaga, köpçülikleýin başlangyçlara, döredijilige, täzeçil garaýyşlara şert döretmäge ýardam bermeli;
  • dürli pudaklarda halkara derejesinde bilim we tejribe alşylmagyna ulgamlaýyn, hemişe üns bermeli, ylmy we ýaşlar diplomatiýasyny höweslendirmeli.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara guramalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wezipelerini işjeň alyp barmak zerur hasaplaýar. Hökümetler bilen göni gepleşikleri geçirmekde, halkara hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak we öňe sürmek ýaly ugurlarda araçyllyk wezipelerini ýerine ýetirmekde olaryň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygyny belleýär.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......