Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin derejesine garamazdan, ähli döwletleriň çekilmegine çagyrdy

  • 02.03.2024 15:12
  • 4.6k+

1-nji martda Antalýa şäherinde 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynda öňümizde duran meseleler barada durup geçdi.

"Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary goýýar. Özi-de, diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar.
Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, saýlanyp alnan syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary we döwletleri bu işe doly çekmek zerur" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşynyň berkdigini we aýdyňdygyny belläp, bu soragyň diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilinjekdigini we çözülmelidigini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň howandarlygynda ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek hakynda teklip bilen çykyş edendigini ýatlatdy.

"Biz muny 21-nji asyrda döwletara we halkara gatnaşyklarynyň gurluşy baradaky garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy we ony gazanmagyň gurallary hökmünde görýäris" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Eýsem, bu başlangyjy öňe sürmek bilen, Türkmenistan nähili täzelikleri teklip edýär?
Ilki bilen, biz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy diýen düşünjede ösýän ýurtlaryň örän aýdyň täsirli ornuny görýäris. Şol ýurtlaryň syýasy orny we ähmiýeti artýar, bu bolsa, yzygiderli hem-de oňyn ýagdaýdyr. Bu ýagdaý üns berilmegini we Birleşen Milletler Guramasynyň strategik meýilnamalarynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär.
Şeýle hem, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde sebit guramalarynyň we döwletara birleşikleriniň üsti bilen, özi-de diňe bir syýasy häsiýetli däl-de, eýsem ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça hem işleri güýçlendirmegi zerur we maksadalaýyk hasaplaýar. 
Bu soragda beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň we institutlaryň hem pikirlerini diňläp, olary dünýä syýasatynyň esasy soraglaryny çözmäge çekmeli.
Birleşen Milletler Guramasyna ony esaslandyryjylar tarapyndan goýlan baş wezipesini – ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde kömek bermeli. Bu biziň diňe ahlak borjumyz bolman, eýsem jogapkärçiligimiz bilen berk baglydyr - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......