Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 01.03.2024 17:33
  • 19k+

Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, iki halkyň arasynda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni gatnaşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda hususy bölek ugry boýunça köpýyllyk netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp wagtyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.
Erman Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn belledi. Işewür türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy diýip, TDH habar berýär.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......