Aşgabatda onkologlaryň halkara forumy geçirildi

  • 27.02.2024 12:58
  • 6.1k+

Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, diagnoz goýmak we bejermek meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistandan, Germaniýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Belarusdan öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdy diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Maslahatyň esasy temasy ýokanç däl keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirkizaman usullary, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we onkologiýa ugrunda halkara hyzmatdaşlyk boldy.

Forumyň çäklerinde öňdebaryjy bejeriş usullary we hirurgiýa usullarynyň ulanylyşy, şeýle-de dürli ýurtlarda barlaghana synaglarynyň ulanylyşy barada hasabatlar hödürlendi.

Türkmen lukmanlary onkologiýa we rakdan öňki keselleri bejermek tejribeleri, şeýle-de geçirilýän öňüni alyş işleriň netijeleri bilen paýlaşdylar.

Mýunhenden (Germaniýa) akuşer-ginekolog Sýuzan Şpesbergiň çykyşy foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi, ol howply täze emele gelmeleriň öňüni almak ugrundaky 25 ýyllyk tejribesi bilen paýlaşdy.

“Tegelek” stoluň başynda türkmen we daşary ýurt hünärmenleri keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda dürli usullaryň ulanylyş aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şahsy tejribeleri bilen paýlaşdylar hem-de bu ugurda alymlaryň täze işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler.

Şeýle-de, forumyň programmasy Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hassalary bilen türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň bilelikdäki maslahatlaşmalaryny, barlaghana hünärmenleri üçin okuwlary, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Jerrahpaş Stambul uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň klinika professory Abdullah Serdar Açikgoz bilen bilelikdäki operasiýany öz içine aldy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......