Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar amala aşyrar

  • 27.02.2024 09:39
  • 12k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda "ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň özara hyzmatdaşlygymyzyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn" diýip belledi.

Özbek Lideri hatynda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.
Şol çäreleriň hatarynda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda “Magtymgulynyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” atly bäsleşigi geçirmek; Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserlerini” hem-de onuň döredijiligi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysyny neşir etmek; kino we teatr sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çeper filmi hem-de sahna oýnuny döretmek; “Özbek edebiýatynda we sungatynda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......