Raşid Meredow Owganystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 27.02.2024 09:31
  • 12k+

26-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iri göwrümli energiýa, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna degişli halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly edilýän işlere seljerme berildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň we döwletleri birleşdirýän demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalarynyň mundan beýläkde ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki tarapyň hem Owganystandaky desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmäge ýokary derejede taýýardygy beýan edildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem, Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlamak babatyndaky mümkinçilikleriň giňeldilmegine üns berdiler.
Taraplar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikleri mundan beýläkde yzygiderli dowam etdirmegi ylalaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......