Hytaýyň Guýçžou welaýatynda 250 million ýaşly “aždarha” tapyldy

  • 25.02.2024 23:59
  • 19k+

Hytaýly, ABŞ-ly we ýewropaly paleontologlaryň halkara topary Guýçžou welaýatynda (Hytaý), takmynan, 250 million ýyl ozal ýaşap geçen, örän uzyn boýunly deňiz süýrenjesini - dinosefalozawryň bitewi diýen ýaly skeleteni tapdy. Gözleg işleri Earth and Environmental Science žurnalynda çap edildi: Transactions of the Royal Society of Edinburgh (EESTRSE).

Taryhdan öňki äpet haýwan özüniň ýylan ýaly görnüşi bilen hytaý aždarhasyna meňzeýär.
Dinosefalozawryň galyndylary Gualin formasiýasyndan tapyldy. Pytraňňy süňkleri ýygnamak we öwrenmek 10 ýyl dowam etdi, diňe şondan soň alymlar bu ýyrtyjynyň sypatyny doly diýen ýaly görnüşde täzeden dikeldip bildiler.
Dinosefalozawryň 3 metre çenli ösendigi, şonuň 1,7 metriniň boýnudygy bellendi. Bu süýrenijiler ýalpak deňizlerde ýaşapdyrlar we balyklary hem-de kellesi aýakly molýuskalary awlapdyrlar.
Ştutgartyň Döwlet tebigy taryhy muzeýiniň uzyn boýunly deňiz hažžyklary boýunça hünärmeni Stefan Spikmanyň sözlerine görä, boýnundaky we göwresindäki oňurgalaryň köp bolany üçin dinosefalozawrlar özboluşly hasaplanýardy. Şeýle hem, bu haýwanlar ýumurtga guzlaman, diri çagalary guzlapdyrlar.
Ýüzleý meňzeşliklerine garamazdan, dinosefalozawrlar beýleki meşhur uzyn boýunly deňiz hažžyklary - pleziozawrlar bilen ýakyn garyndaş däldir. Pleziozawrlar özlerinden öňki “uzyn boýunlylardan” 40 million ýyl soň peýda bolupdyr.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....