Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 24.02.2024 21:44
  • 19k+

24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi diýlip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň  gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň Çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, onuň çäginde oturdyljak yşyklandyryş ulgamynyň, oturgyçlarynyň görnüşleri, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri we onuň kiçi binagärlik göwrümleriniň görnüşleri, täze şäheriň metjidiniň  şekil taslamasy, Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasy we Oba hojalyk uniwersitetiniň binagärlik toplumynyň  teklip edilýän görnüşleri bar.
Şeýle hem bu ýerde täze şäheriň  aýratyn lukmançylyk ykdysady zolagynyň (klasteriniň) nyşanynyň we teklip edilýän halkara görnüşinde ulanylýan nalyň şekil taslamalary görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp  barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalaryň sanawy hem-de häzirki döwürde ilaty täze jaýlara göçürip getirmek işleriniň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Soňra iş maslahaty ýurdumyzyň obasenagat toplumyna degişli düzümleriň, ylmy-önümçilik merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag ekerançylyk, däneçilik institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory häzirki döwürde ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden oňyn çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzda pagtanyň we bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlanandygyny belläp, bu çözgüdiň ýerden alynýan hasylyň ýokarlanmagynda we daýhanlaryň işe bolan höwesiniň artmagynda möhüm ähmiýetiniň bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, degişli ugur boýunça bilim alýan talyplaryň häzirki zamanyň sanly ulgamyny netijeli özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň  gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa täze şäherde alnyp barylýan işleri oba hojalyk toplumyna degişli binalaryň hünärmenleri bilen bilelikde ýola goýmagy tabşyrdy.


düýn 10:49
3.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
6.3k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......