Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda ilkinji uçuşlar ýerine ýetirildi

  • 18.02.2024 18:23
  • 10k+

Aşgabat – Kuala-Lumpur ugry boýunça uçýan uçar Malaýziýanyň paýtagtyndaky howa menzile gondy.

Täze gelen ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşy aldylar.
«Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berlişi ýaly, bu ugurdan yzygiderli gatnawlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda resmi taýdan ýola goýuldy. Aşgabat – Kuala-Lumpur uçuşlary degişlilikde 289 we 368 orunlyk Boeing 777-200LR / 777-300ER uçarlarynda hepdede iki gezek amala aşyrylar. Uçuş 8 sagat 10 minut dowam edýär.
Mundan başga-da, kompaniýa Aşgabatdan Jidda şäherine uçuş amala aşyrdy. Aşgabatdan Jidda ilkinji uçuş Boeing 777-200LR uçarynda ýerine ýetirildi. Bu ugurda uçuşyň dowamlylygy 4 sagat boldy.
Saud Arabystanynyň port şäherine uçuşlar hepdede iki gezek, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar.


01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......