Gazagystan goňşy ýurtlar bilen serhetlerden geçiş prosesini çaltlaşdyrar

  • 18.02.2024 15:20
  • 13k+

Gazagystanyň HHR, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetlerinden geçiş wagty 30 minuta çenli azaldylar. Bu eýýäm başlanan barlag-geçiriş nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde mümkin bolar diýip, Kazinform agentligi habar berýär.

“Ýurduň üstaşyr potensialyny ösdürmek we ýanaşyk döwletler bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Hökümet tarapyndan Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-geçiriş nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmak işleri başlandy” – diýip, GR-nyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komitetiniň gümrük gözegçiligi departamentiniň müdiri Ýeldos Saudabaýew metbugat maslahatynda habar berdi.

Döwlet işgäriniň aýtmagyna görä, köne infrastrukturalary aýyrmak bilen täze geçiriş nokatlary gurulýar. “Alakol” awtomobil nokady territoriýanyň ep-esli giňeldilmegi bilen düýbünden täze ýerde gurulýar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda “Dostyk-demirýol” inspeksiýa-gözden geçiriş toplumy ulanylyşa girizildi.
Döwrebaplaşdyryş geçiriş ukyplylygyny 8 esse artdyrmaga, serhetlerden geçiş wagtyny 30 minuta çenli azaltmaga hem-de harytlary we ulag serişdelerini geçirmegiň tutuş siklini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......