Türkmen ilçisi Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

  • 14.02.2024 17:54
  • 5.9k+

13-nji fewralda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy hanym M.Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler.
Ilçi şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini gürrüň berdi hem-de hanym M.Gonaşwilini bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen, hanym M.Gonaşwili munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleriň, dostluk gatnaşyklaryň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň özara düşünişmeginiň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......