Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentini Ynkylap güni mynasybetli gutladylar

  • 12.02.2024 07:38
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, Prezidentiň hatynda bellenilýär.

“Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasyny köp asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......