Apple 2023-nji ýylda dünýäde iň gymmat brend boldy

  • 05.02.2024 01:15
  • 3.2k+

Brand Finance Global 500 ýyllyk reýtingine görä, Apple kompaniýasynyň brendi dünýäde iň gymmat brend boldy. Firma Microsoft, Google we Amazon korporasiýalarynyň brendlerinden öňe geçdi. Bu barada halkara Brand Finance konsalting guramasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Apple brendiniň bahasy 2023-nji ýylda 74% ýokarlanyp, 517 mlrd dollara ýetdi. Microsoft korporasiýasy sanawda ikinji orny eýeledi, onuň brendiniň bahasy 340 mlrd dollar boldy (78% ösüş). Üçünji orunda Google kompaniýasy ýerleşdi, onuň brendi 333 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Şol bir wagtyň özünde, Tesla kompaniýasy onlukdan çykyp, göni 18-nji orna düşdi. Dünýäde bahasy boýunça iň çalt ösýän brend NVIDIA çip öndürijisi boldy (ýyldan ýylda +163%).
Brand Finance brendlere baha bermek bilen meşgullanýan halkara konsalting kompaniýasydyr. 


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....