Ilon Mask yzly-yzyna ikinji ýyl gereginden artyk baha berlen baş direktor diýlip yglan edildi

  • 04.02.2024 21:26
  • 8k+

Fortune işewürler žurnaly ABŞ-daky gereginden artyk baha berlen we kembaha garalan baş direktorlaryň ýyllyk sanawyny hödürledi. “Artyk baha berlen” ýolbaşçylaryň anti-reýtingine Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask yzly-yzyna ikinji ýyl öňbaşçylyk etdi.

RB.RU-nyň habar bermegine görä, Tesla-nyň paýnamalary birden pese gaçdy, bazar bahasynyň milliardlarça dollaryny ýitirdi we doly awtonom ulaglary döretmek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirilmän galdy. SpaceX-iň Marsda şäher döretmek bilen bagly meýilnamasy henizem amal bolmakdan daşda görünýär we Twitter (häzirki X) sosial ulgamyny satyn almak bilen bagly dawaly söwda we onuň dolandyrylyşyndaky şowsuzlyklar häzire çenli diňe maliýe kynçylyklaryna sebäp bolup gelýär.
Mundan başga-da, birki günlükde Delawer ştatynyň kazyýeti Masky 56 milliard dollar möçberinde bonus töleginden mahrum etdi, şondan soň milliarder kompaniýany Tehas şäherine geçirmek meýilnamasyny yglan etdi we  bu teklibi paýdarlara kazyýetiň karary bilen esaslandyrdy.
Artyk baha berlen baş direktorlaryň sanawynda ikinji orny paýy ýylyň dowamynda 9% azalan, Disneýiň ýolbaşçysy Robert (Bob) Aýger eýeledi. Şondan öň, 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap gymmatly kagyzlaryň bahasy ýene 50% pese gaçdy. Aýger bu kompaniýada 40 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär, şonuň 15 ýylynda baş direktoryň wezipesini eýeledi.
Munuň tersine, Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella sekizinji gezek kembaha garalan baş direktor diýen ada eýe boldy. Respondentler, monopoliýa garşy düzgünleşdirijileriň makullamandyklaryna garamazdan, korporasiýanyň OpenAI-e üstünlikli maýa goýandygyny we Activision Blizzard-y satyn almak baradaky şertnamanyň üstünlikli tamamlanandygyny bellediler.
Fortune bu sanawy ABŞ-daky birnäçe müň sany ýokary derejeli menejerler we seljerijiler bilen  geçirilen pikir soraşmalaryň maglumatlaryna esaslanyp düzdi.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

17.05.2026 09:49
2.5k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......