BMGÖM-niň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistana döwrebap göçme barlaghana getirildi

  • 03.02.2024 17:00
  • 18k+

Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy öňüni alyş çärelerini geçirmek” atly BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze göçme PZR barlaghanasy gowşuryldy.

Bellenişi ýaly, täze göçme barlaghana Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş gullugynyň lukmançylyk topary üçin niýetlenendir. Bu göçme barlaghana degişli ugurda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar hem-de ýüze çykyp we ýaýrap biläýjek keselleri dessin anyklamaga we öňüni alyş çärelerini geçirmäge ýardam eder.
Göçme lukmançylyk barlaghanasy Türkmenistanyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylypdyr. Barlaghana ulagyny dabaraly gowşurmak çäresine BMG-niň GDA döwletleri boýunça sebit direktory Iwana Žiwkowiç gatnaşdy.
Barlaghanada barlaglary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.


şu gün 07:29
188

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......