"RŽD-niň" wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler

  • 01.02.2024 18:04
  • 17k+

31-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň “RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda wekiliýet portuň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşdy. "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň saýtynyň habar bermegine görä, myhmanlar deňiz portunyň terminallarynyň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Demirýollary” AGPJ-niň we «Türkmenistanyň Ulag Logistika merkezi» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky logistika mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderileri üçin ýurdumyz tarapyndan döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.
Myhmanlar Balkan welaýatyna saparynyň dowamynda “Bereket” we “Ak ýaýla” demir ýol stansiýalaryna hem baryp görerler.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......