Hytaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçdi

  • 26.01.2024 13:10
  • 5k+

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Hytaý milli wekilçiliginiň Uniwersitetiniň professor-mugallymlary Hu Çženhua we Minawar Aýbibulla, Hytaý atçylyk guramasy assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofen, Hytaý-türkmen dostluk merkeziniň başlygynyň orunbasary An Szinlun, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda 2024-nji ýylyň "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" we şu ýylyň TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny berkitmekdäki orny, hytaý we türkmen ýaşlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary dogrusynda belläp geçdiler.
Şeýle-de, şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleri geçirmek we olara taýýarlyk görmek boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......